Russiýanyň iň görnükli aktýorlarynyň biri Wladimir Maşkow 60 ýaşyny belledi. Ol diňe bir rus kinosynda däl, Golliwudda hem onlarça keşpleri döretdi. Maşkow soňky bäş ýyl bäri «Tabakerka» teatryna ýolbaşçylyk edýär diýip, «MIR 24» ýazýar. RF-niň halk artisti Maşkowda «ýyldyz keseli» asla ýok, ol žurnalistler bilenem, ýaş aktýorlar bilen hem diýseň hoşamaý, ýaşlara tejribesini gysganmaýar. Teatr onuň ikinji öýi. Halypasy, meşhur sungat işgäri Oleg Tabakowyň esaslandyran bu teatrynda ol zähmet ýoluna başlapdy. Baş keşni janlandyran «Ogry» atly filmi Maşkowa Golliwuda ýol arçady. Ony bu ýere kino düşmäge çagyrdylar. Ol Tom Kruz, Robert de Niro, Skarlet Ýohanson ýaly ýyldyzlar bilen kino düşdi. Emma Golliwuddaky kiçijik keşpleri Maşkowy irizdi we ol Watanyna – Russiýa dolandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir