“Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň “Ahal” futbol topary şu gün AFK-nyň Çempionlar ligasynyň bäşinji tapgyrynyň çäginde Saud Arabystanynyň “Al-Feýha” toparynyň myhmany bolar. Şu gün “Prince Faisal bin Fahd” stadionynda geçiriljek duşuşyk Aşgabat wagty bilen agşam sagat 21-de başlanar. Iki topar AÇL-niň şu möwsümindäki ilkinji duşuşygyny Türkmenistanda geçiripdiler. Şol duşuşyk Serdar Geldiýewiň şägirtleriniň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy. Dört duşuşykda dört utuk toplan bilen “Ahal” “A” toparçasynda üçünji orny eýeleýär. Dördünji orundaky “Al-Feýhanyň” bolsa 3 utugy bar. 12 utukly “Al-Aýn” (BAE) ýaryşyň indiki tapgyryna çykmaga hukuk gazanan bolsa, özbekleriň “Pahtakorynyň” 4 utugy bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir