«Apple» kompaniýasy kompýuterlerinde öýjükli aragatnaşyk goldawy bolan modem ornaşdyrar. Bellenilmegine görä, «Apple» 2018-nji ýyldan bäri öz modeminiň üstünde işleýär. Kompaniýanyň smartfonlary, planşetleri, akylly sagatlary we kompýuterleri modemler bilen enjamlaşdyrmak isleýändigi aýdylýar. Modem enjamyň prosessoryna ornaşdyrylar. Öýjükli modemiň bolmagy «Apple» kompýuterlerine Wi-Fi bolmazdan internete birikmäge mümkinçilik berer. Çaklamalara görä, bu enjamy işläp düzmek üçin kompaniýa iki ýa-da üç ýyl gerek bolar. Bu modem noutbuklardan başga-da, planşetlerde we akylly sagatlarda peýda bolar. «Apple-iň» ozal kompýuterlere öýjükli aragatnaşyk goldawyny girizmegi göz öňünde tutandygyny mälimdir. Kompaniýa «MacBook Air» kompýuterini modem bilen enjamlaşdyrjakdy, emma «Apple-iň» öňki baş direktory Stiw Jobs bu pikirden ýüz öwürdi. Çünki aýratyn modem örän köp ýer tutýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir