«Apple» kompaniýasy «Touch ID» sensoryny «iPhone» smartfonlaryna gaýtaryp getirmek meýilnamalaryndan bütinleý ýüz öwürdi. Bu barada «MacRumors» habar berýär. Bellenilmegine görä, «Apple» hyzmatdaşlarynyň zawodlaryndaky «Touch ID» sensoryny öndürmek üçin zerur bolan enjamlaryny öçüripdir. Şeýle hem kompaniýanyň öz enjamlaryna daktiloskopik (barmak yzy) sensoryny gaýtadan ornaşdyrmagy meýilleşdirmeýändigi bellenilýär. «iPhone SE» smartfony häzirki wagtda kompaniýanyň barmak yzy esasynda gulpdan açmak funksiýasyna eýe bolan ýeke-täk enjamydyr. Şeýle-de bolsa, enjamyň indiki nesli «Face ID» esasynda gulpdan açmak funksiýasy bilen üpjün ediler. Şeýlelikde, «Apple» «Touch ID-den» bütinleý ýüz öwrer Şol bir wagtyň özünde, geljekde kompaniýanyň ýüzüň şekili boýunça gulpdan açmak usulyny barmak yzy bilen açmak tehnologiýasy bilen çalşyp biler, ýöne bu ýagdaýda daktiloskopik sensor ekranyň aşagynda ýerleşer. Täze tehnologiýa 2026-njy ýylda smartfonlarda peýda bolup biler.