iGreen kompaniýasy diňe bir smartfonyň goragy üçin däl, eýsem planetany ýaşyllaşdyrmak üçin ulanyp boljak iPhone daşlyklaryny hödürledi. Aksessuar içine dürli ösümlikleriň tohumy salnan doly kompostirlenen materialdan taýýarlanandyr diýip, rbclife.ru habar berýär. Işläp düzüji munuň ulanylyşdan soň topraga oturdyp, ondan owadan gülleriň hem ösümlikleriň ösüşine syn edip boljak dünýäde ilkinji we ýeke-täk iPhone daşlygydygyny belleýär. “Taýýarlamak üçin ulanylan material tohum saklaýar. Daşlyk üç reňkde (ýaşyl, gök we sary) elýeterli. Her reňk aýratyn bir tohuma gabat gelýär: ýaşyl – reýhan, gök – syçangulak, sary – çopantelpek” – diýlip, beýanda aýdylýar. Kompaniýa şeýle daşlyklaryň üsti bilen ekologiýa meselesine – gaýtadan işlenilmeýän plastikden aksessuarlaryň önümçiligine ünsi çekmek isleýär. “Her ýyl dünýäde 1 milliarda golaý daşlyk satylýar. Olaryň her biri diýen ýaly 20 g töweregi gaýtadan işlenilmeýän plastik saklaýar. Her ýyl diňe smartfonlar üçin daşlyklary taýýarlamak üçin 20 müň tonnadan gowrak plastik öndürilýär. Bu material ortaça 500 ýylda dargaýar”.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir