Türkmenabadyň tikin fabriginde şu ýylyň geçen on aýynda meýilleşdirilen 34 million 765 müň 343 manatlygyň ýerine 43 million 211 müň manatlykdan gowrak önüm öndürildi. On birinji aýyň önümçilik meýilnamasynyň hem möhletinden öň berjaý edilmegine ynam bildirilýär diýlip, welaýat neşirinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, fabrigiň önümleriniň içerki bazarda tutýan orny barha ýokarlanýar. Bu ýerde, esasan, harbylardan gelýän buýurmalaryň uly möçberdäkisi çalt we ýokary hilli ýerine ýetirilýär. Şol bir wagtyň özünde çagalar we ulular üçin hem islegli tikin önümleriniň onlarça görnüşi öndürilýär. önümleriniň içerki bazarda tutýan orny barha ýokarlanýar. Bu ýerde, esasan, harbylardan gelýän buýurmalaryň uly möçberdäkisi çalt we ýokary hilli ýerine ýetirilýär. Şol bir wagtyň özünde çagalar we ulular üçin hem islegli tikin önümleriniň onlarça görnüşi öndürilýär. Mekdep okuwçylarynyň köp isleg bildirilýän goşhaltalarynyň, egin-eşikleriniň önümçiligi üstünlikli dowam etdirilýär. Welaýatyň çagalar bakja-baglaryndaky körpeler üçin ýorgan-düşekleriň, ýassyklaryň daşlyklary hem öndürilýär diýlip, habarda bellenilýär.