Ilatyň çörek we çörek önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmakda Türkmenabat şäherindäki 2-nji çörek kärhanasynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Kärhanada şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda çörek we çörek önümleriniň 16 müň 394 tonnasy, unaş önümleriniň 720 tonnasy öndürildi. Bu barada Jeyhun.news ýazýar. Habarda bellenilişi ýaly, degişli döwürde öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 22 million 504 müň 413 manatlyga deň boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr. Şeýle-de kärhanada süýji-köke önümleri hem taýýarlanylyp, ilata hödürlenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir