Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, şu ýylyň 13 — 18-nji noýabry günlerinde Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti, jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň öndürilişi we tehniki aýratynlyklary bilen ýerinde tanyşmak maksady bilen, Germaniýada gulluk iş saparynda boldy. «Arkadag» gazetiniň şu günki sanynda habar berlişi ýaly, maksady bu «akylly» şäheri mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, ýerli howa şertlerine laýyk gelýän, jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň öndürilişi, şeýle hem olaryň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşmakdan ybarat bolan saparyň dowamynda dürli ugurlar boýunça netijeli gepleşikler geçirildi, özara gatnaşyklaryň geljekki mümkinçilikleri babatda ileri tutulýan garaýyşlar mälim edildi. Gepleşikleriň dowamynda, hususan-da, bu ýerde ýerleşýän zawodlarda öndürilýän ýük we ýöriteleşdirilen awtoulag tehnikalarynyň önümçiligi, jemagat hojalygynda peýdalanylýan tehnikalaryň, enjamlaryň aýratynlygy dogrusynda pikir alşyldy. Türkmen wekiliýeti gulluk iş sapary döwründe Germaniýanyň «MAN» kysymly jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň öndürilişi bilen bagly Mýunhen şäherindäki ýük awtoulaglaryny we tehnikalaryny öndürýän «MAN Truck & Bus SE» zawodyna, Sankt-Blaziýen şäherinde ýerleşýän «AEBI SCHMIDT» kompaniýasynyň ýol ýuwujy we hapa sorujy jemagat tehnikasyny öndürýän zawodyna, ýük awtoulaglary üçin nowalary we zir-zibil konteýnerlerini öndürýän «F.X.MEILLER» kompaniýasynyň zawodyna, Putskau şäherindäki jemagat tehnikasy üçin goşmaça asma enjamlary, plastik we poslamaýan metaldan suw çeleklerini öndürýän «FIEDLER» zawodyna, Lýobau şäherindäki awtowyşkalary we awtokranlary öndürýän «PALFINGER AG» zawodyna we ýangyn söndüriji, halas ediş, lukmançylyk, beýleki ýöriteleşdirilen enjamlary oturdýan «EMPL» kompaniýasynyň zawodyna, Osterhols-Şarmbek şäherindäki «FAUN» kompaniýasynyň zir-zibil daşaýjy, ýol ýuwujy we hapa sorujy jemagat tehnikalaryny öndürýän zawodlaryna baryp gördi. Saparyň çäklerinde zawodlarda alnyp barylýan işler bilen içgin tanyşdyrylyş guraldy. Germaniýaly işewürler her biri köpýyllyk taryha eýe bolan kompaniýalaryň dürli ýyllarda özgerişi, düzüm birlikleri we önümçiligi barada aýdyp berdiler. Geçirilen gepleşikleriň barşynda türkmen wekiliýetiniň agzalary germaniýaly işewürlere Arkadag şäheri barada gürrüň berdiler. Germaniýaly işewürler hem Arkadag şäherine uly gyzyklanma bildirdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir