«Türkmenhowaýollary» Germaniýany «Hahn Air» awiakompaniýasynyň esasy hyzmatdaşlarynyň hataryna goşuldy. Bu barada nemes kompaniýasy öz resmi saýtynda habar berdi. «Dünýäniň 190 bazaryndaky syýahat agentlikleri petekleri bron etmegiň adaty amallaryny ulanyp «Türkmenhowaýollarynyň» üsti bilen ýüklerini iberip we «HR-169» çökgünlikden goramak resminamasy boýunça kompaniýanyň peteklerini satyn alyp bilerler» diýlip, habarda bellenilýär. Bellenilişi ýaly, «H1» kody boýunça Pekin (PEK), Deli (DEL), Dubaý (DXB), Frankfurt (FRA), Stambul (IST) we Kazan (KZN) ýaly halkara ugurlara petekler satylar. Ýeri gelende bellesek, «Türkmenhowaýollary» häzirki wagtda 1 döwlete 20 ugur boýunça ýük we ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir