18 — 21-nji noýabr aralygynda Atly sportuň Halkara federasiýasynyň (FEI) geçirýän Baş Assambleýasyna gatnaşmak üçin Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Mehiko şäherinde gulluk iş saparynda boldy. Şu ýylyň 18-nji noýabrynda Atly sportunyň Halkara federasiýasyna (FEI) agza bolan dünýäniň 136 döwletiniň Atly sport federasiýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu Baş Assambleýada atly sportuň görnüşleriniň düzgünlerine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şeýle hemAtly sportunyň Halkara federasiýasynyň dürli komitetleriniň we dolandyryş müdiriýetiniň täze agzalaryny saýlamak boýunça ýygnak geçirildi. Mundan başga-da dünýäde atly sport we atçylyk boýunça gazanylýan üstünlikler barada durlup geçildi. Atly sportuň Halkara federasiýasyna agza bolan daşary ýurt döwletleriniň atçylyk federasiýalarynyň wekilleri ýurtda atçylyk pudagynda gazanylýan üstünliklere uly gyzyklanma bildirip, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda bilelikde ylmy işleri alyp barmak, talypary okatmak we atçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň dürli ugurlary boýunça mümkinçilikleriň döredilmegini haýyş etdiler. Atly sportunyň Halkara federasiýasynyň (FEI) geçiren Baş Assambleýasyna gatnaşmak üçin dünýäniň dürli döwletleriniň atçylyk federasiýalaryndan gelen ýolbaşçylar hem-de wekiller, Türkmenistanyň atçylyk pudagynda gazanýan uly üstünliklerine buýsanýandyklaryny aýtdylar hem-de halkara arenasynda goldajakdyklary barada ynandyrdylar. Dünýäniň dürli döwletlerinden gelen, atly sport boýunça federasiýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen geçirilen duşuşykda, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda bilelikde ylmy işleri, Halkara maslahatlary, okuwlary we konferensiýalary guramak boýunça degişli işleri durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Mundan başga-da, ýurtda Dünýä we sebitleýin çempionatlaryň kubogy ugrunda tapgyrlaýyn bäsleşikleri geçirmek, atly syýahaty mahabatlandyrmak hem-de ösdürmek öwrenildi. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir