Şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. 25-nji noýabra çenli geçiriljek Medeniýet günleriniň çäklerinde birnäçe medeni çäreler we duşuşyklar geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. Yspyhan şäherinde geçirilýän Medeniýet günleriniň ilkinji güni şäheriň «Hozär Honari» zalynda ýurduň milli gymmatlyklaryny açyp görkezýän serginiň açylyş dabarasy boldy. Onda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde saklanýan muzeý gymmatlyklary, şol sanda amaly-haşam sungat eserleri ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň Yspyhanda açylan Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynda ýurduň döredijilik toparynyň çykyşlary boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir