Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynda täze bellenilen ilçisi E.Aýdogdyýewi şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýadaky ilçisi Polat Bülbül ogly bilen duşuşygy geçirildi. «Azertag-yň» habar bermegine görä, Azerbaýjanyň ilçisi türkmenistanly kärdeşini jogapkärli we abraýly wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de geljekki işlerinde üstünlik arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Polat Bülbül ogly türkmen diplomatyny Russiýa Federasiýasyndaky diplomatik wezipesini ýerine ýetirişi, ilçihananyň alyp barýan işi, şeýle-de Russiýanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde geçirilýän mejlislerdir medeni çäreler barada gürrüň berdi. Duşuşykda Türkmensitan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň käbir jähetleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilçiler Russiýada akkreditlenen iki ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň arasynda has täsirli özara gatnaşyklar ýola goýmak meseleleri boýunça-da pikir alyşdylar. Iktaraplaýyn duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän başga-da käbir meseleler boýunça jikme-jik gürrüň edildi. Türkmenistanyň ilçisi mähirli duşuşyk we gyzykly söhbetdeşlik üçin, azerbaýjanly kärdeşine minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň ahyrynda Polat Bülbül ogly E.Aýdogdyýewa Geýdar Aliýew adyndaky gaznasy tarapyndan neşir edilen neşir önümlerini sowgat berdi. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň halklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän medeni we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem joşgunly zehinini we aýdym-saz sungatyny ösdürmekde gazanan ajaýyp üstünliklerini göz öňünüde tutulyp, 2017-nji ýylda Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Polat Bülbül ogluna «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at dakyldy. Ozal Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 10-njy noýabrda gol çeken Permany esasynda E.Aýdogdyýew Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenilendigini, şeýle-de 21-nji noýabrda Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Rudenko tarapyndan kabul edilip, oňa ynanç hatynyň nusgasyny gowşurandygyny habar beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir