Sanly söwda umumy ösüşiň täze hereketlendirijisine öwrülip biler hem-de dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine güýçli itergi berer diýip, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin aýtdy diýip, «RIA Nowosti» habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» ýazýar. HHR-iň Başlygy bu barada «Global Digital Trade Expo» sergisine gatnaşyjylara ýüzlenmesinde nygtady. Szinpin soňky ýyllarda öz ýurdunyň halkara söwda-ykdysady düzgünleriniň ýokary ölçeglerine goşulandygyny, sanly söwdanyň ösmeginde bütin dünýä üçin täze mümkinçilikleri döredýändigini nygtady. «Global Digital Trade Expo» sergisi Hytaýyň günorta Çženzýan ülkesindäki Hançžou şäherinde açyldy we 27-nji noýabra çenli dowam eder. Sergä köp sanly halkara guramalary, işewürlik bileleşikleridir telekeçiler gatnaşýarlar. 100 müň inedördül metri eýeleýän sergide 800 sany kärhananyň işi bilen tanyşdyrylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir