«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Finlýandiýanyň «Nurminen Logistics» kompaniýasy Londonda «Türkmenistan — maýa goýum we ösüş» atly maýa goýum forumynyň çäginde halkara ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdi. «Nurminen Logistics» häzirki zaman we ekologiýa taýdan arassa gaplary ulanmak bilen, Aziýa bilen Skandinawiýanyň arasynda demir ýol daşamalaryny amala aşyrýar. Kompaniýanyň logistika pudagynda 130 ýyldan gowrak tejribesi bar we ol öz mümkinçiliklerini hem-de çözgütlerini yzygiderli ösdürýär. Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi ýurtda bu ulgamy ösdürmek, üstaşyr ýükleriň mukdaryny artdyrmak, şeýle hem iberijiden alyja üstaşyr geçýän we eksport-import ýükleri üçin kabul ederlikli logistik çözgütleri işläp düzmek maksady bilen döredildi. Iki kompaniýanyň arasynda özara gatnaşyklary ýola goýmak ulag aragatnaşygyny ösdürmekde möhüm ädimdir we bu möhüm ulag geçelgeleriniň bir bölegi bolan Türkmenistanyň üsti bilen demir ýol üstaşyr mümkinçiliklerinden peýdalanmaga şert döreder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir