«Rowachlan Galkynysh» türkmen hususy kärhanasy tarapyndan eksport üçin öndürilýän «Rowachpack» haryt nyşanly polipropilenden dokalan gaplama haltalaryna uly isleg bildirilýär. «Rowachpack» haryt nyşanly «big begleriň» birnäçe artykmaçlygy bar. Sygymy 300-den 3000 kg aralygynda we götermek üçin ýörite tutawaçlary bolan bu ýumşak konteýner gaplar urga garşy ýokary çydamlylygy, ýeňilligi we ulanylyşynyň aňsatlygy bilen tapawutlanýar. Olar şekilini üýtgetmeýärler, heň döremeginiň öňüni alýarlar we typmalaryň öňüni alýan elastik ýüze eýedirler. «Big begler» ürgün materiallary – azyk önümlerini, gurluşyk serişdelerini, oba hojalyk we dokma önümlerini, ätiýaçlyk şaýlary gaplamak hem-de daşamak üçin ulanylýar. Kärhana öz önümlerini Russiýa we GDA-nyň beýleki birnäçe ýurtlaryna eksport edýär. «Rowachlan Galkynysh» HK-nyň habarlaşmak üçin maglumatlary: telefon belgileri: (+993 62) 29 29 69 и (+993 12) 29 29 69; elektron poçta salgysy rowachpack@gmail.com.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir