Aşgabat şäherinde Kuraş göreşi boýunça 14-nji dünýä çempionatyna tomaşa etmek üçin janköýer zolaklary açyldy. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär. Olar paýtagtyň “Berkarar” (1-nji gatda) we “Aşgabat” (2-nji gatda) ýaly söwda we dynç alyş merkezlerinde ýerleşýärler. Janköýer zolagyna giriş hemmeler üçin açykdyr. Ol ýerde janköýerler üçin güýmenje programmalary we ýaryşlar taýýarlanyldy. Janköýer zolagynda dünýä çempionatynyň ähli ýaryşlaryna tomaşa edip bilersiňiz. Dünýä çempionatynyň maksatnamasynyň 25-nji noýabrda geçiriljek dabara bilen açyljakdygyny bellemelidiris. Türgenleriň arasyndaky ýaryşlar 27-nji we 28-nji noýabrda geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir