Şu gün Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) 25 ýyllygyna bagyşlanan sammit öz işine başlaýar. Çärä Maksatnama agza ýurtlaryň Prezidentleriniň we beýleki ýokary wezipeli adamlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar diýip, «Report.az» habar berýär. Belläp geçsek, SPEKA BMG tarapyndan 1998-nji ýylda döredildi. Bu maksatnama Merkezi Aziýa ýurtlarynda ykdysadyýetiň durnukly ösüşine we olaryň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlenmegine itergi berýän ykdysady platforma bolup hyzmat edýär. Maksatnama agza ýurtlaryň hataryna Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan we Owganystan girýär. SPEKA agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi we dünýä ykdysadyýetine integrasiýany goldamagy maksat edinýär. 2023-nji ýylda bu maksatnama Azerbaýjan başlyklyk edýär. 23-nji noýabrda Bakuwda geçirilen SPEKA-nyň dolandyryjylar geňeşiniň 18-nji mejlisinde başlyklyk Täjigistana geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, SPEKA-nyň 19-njy sammiti geljek ýyl Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir