Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat beýanatyna görä, 22-23-nji noýabrda DARYA (Merkezi Aziýada zehinli ýaşlar üçin gepleşik we hereket) taslamasy boýunça ýokary derejeli toparyň ýygnagy geçirildi. Bu çärä bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Türkmen wekiliýetiniň düzümine ýurduň Respublikadaky diplomatik wekilhanasynyň işgärleri hem girdiler. Duşuşygyň maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Ýewropa institutlarynyň, ÝB-ne agza ýurtlar we halkara maliýe guramalaryň arasynda ýaşlaryň hünärlerini ösdürmek babatynda sebitleýin hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary öz çykyşynda ýurtda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty we durmuşyň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň gerimli ösüş maksatnamalary barada belledi. Ýurduň ýaşlara dünýä derejesinde bilim almagy we mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi üçin ähli şertleri döredendigini aýtdy. DARYA — Merkezi Aziýa ýurtlary bolan Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan ýurtlarynda ýaşlar üçin başarnyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini goldamaga gönükdirilen ÝB-niň sebitleýin ilkinji taslamadyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir