Ýabany ýekegapanlar Kanadadan ABŞ-nyň çägine aralaşyp biler, bu barada ýurduň Saçkaçewan uniwersitetiniň professory Raýan Brukyň sözlerine salgylanýan «The New York Post» gazeti habar berdi. Onuň sözlerine görä, ýabany doňuzlar dünýäde iň gaharjaň jandarlar, şeýle hem ekologiýa üçin howpludyr. Professor ýekegapanlar sebäpli amerikaly daýhanlaryň hasyllaryny ýitirjekdigini duýdurdy. Alym bu ýabany haýwanlaryň Demirgazyk Amerikanyň asyl ýaşaýjylary däldigini, kanadaly fermerler tarapyndan 1980-nji ýyllarda köpeldilip başlanandygyny, emma soň olaryň etiniň söwdasynyň girdejisizdigi üçin erkinlige goýberendiklerini gürrüň berdi. Wagtyň geçmegi bilen, bu haýwanlar sowuk kanada şertlerine uýgunlaşyp, hasyly ýok edip ugrapdyrlar. Professor ýabany ýekegapanlaryň çalt köpelmeginiň öňüni almagyň kyndygyny belledi. Munuň sebäbi gijesine hereket edýän bu üşükli jandarlarlary awlamak örän kyndyr. Hut şu sebäpli olary sebitde düýbünden ýok etmek başartmasa gerek diýip, alym sözüniň paýawynda belledi. Bu barada «News.ru» ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir