21—25-nji noýabrda «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde «Kitap şüweleňi» geçirilýär. Şüweleň Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Mahabat» müdirligi tarapyndan Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralýar. Şüweleňe Türkmen Döwlet gurjak teatrynyň, Bazar Amanow adyndaky çagalar kitaphanasynyň, «Türkmenistan» kinokonsert merkeziniň we Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň hem-de hemaýatkärleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Çäre «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly mynasybetli ýaş nesli milli hem-de watançylyk ruhunda terbiýelemekde, çagalarda kitaba söýgi döretmek we maşgala gatnaşyklaryny berkitmekde Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegi maksat edinýär. Onda türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgulary esasynda taýýarlanylan ertekili kitaplar hem halk köpçüligine ýetiriler. Bu şüweleňde kitap ýarmarkasy, hödür-kerem, Türkmen Döwlet Gurjak teatrynyň çykyşlary, light show, görkezme futbol çykyşlary, robotatehnika, mental show, sirk şüweleňi, multfilm, kitaplardan soraglar, hemaýatkärleriň soraglary meýilleşdirilýär. Kitap şüweleňiniň nobatdaky sany 25-nji noýabrda sagat 10:00-da «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde geçiriler diýip, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Mahabat» müdirligi habar berýär. Habarlaşmak üçin telefon: +99362-755706

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir