21-nji noýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edilen kararnama laýyklykda, Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiriljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Bu waka dünýä edebiýatynda we halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň eýeleýän möhüm ornunyň hem-de ähmiýetiniň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy bolup durýar diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir