Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministrliginiň wekilleriniň wideoaragatnaşyk ulgam arkaly üç taraplaýyn duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi. 23-nji noýabrda bolan duşuşyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlangyjy boýunça «Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça Bilelikdäki maslahat beriş toparyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany ýerine ýetirmek maksady bilen guraldy. Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda 2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenbaşy şäherinde gol çekilen we birek-birek bilen üstaşyr geçirilýän harytlar barada maglumat alyşmak arkaly gümrük amallarynyň has çalt we ýeňilleşdirilen usulda amala aşyrylmagyny göz öňünde tutýan bu Ähtnamanyň iş ýüzünde amal etmek üçin geljekki edilmeli işlerdir wezipeler kesgitlendi. Taraplar ýakyn wagtda bilelikdäki maslahat beriş toparynyň agzalary barada maglumaty alyşmagy ylalaşdylar, Bilelikdäki toparyň birinji mejlisiniň geçiriljek ýerini we wagtyny kesgitlediler. Şeýle hem harytlar we ulag serişdeleri barada özara maglumat alyşmagy guramak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir