Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna» laýyklykda, 2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde «Magtymguly Pyragy we häzirki zamanda halklaryň dostlugy» atly ylmy-amaly maslahat geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. Wekiliýetiň düzüminde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, şeýle-de Ylymlar akademiýasynyň wekilleri bar. Habarda bellenilişi ýaly, gündogar edebiýatynyň görnükli wekili, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Pakistan Yslam Respublikasynda geçiriljek ylmy-amaly maslahata ýurduň adyndan gatnaşjak wekiliýet şu ýylyň 24 — 28-nji noýabry aralygynda Pakistan Yslam Respublikasynda saparda bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir