Azerbaýjan Respublikasynyň Basgal şäherinde geçirilen Türki Döwletleriniň Guramasyna agza we synçy döwletleriň Sport we ýaşlaryň işlerine jogap berýän ministrleriniň 7-nji duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ýaşlar syýasaty bölüminiň başlygy W.Gutlyýew hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy Ş.Seräýew ýurtdan wekilçilik etdi. Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşlar we sport boýunça ministrliginiň, şeýle hem Türki Döwletleriň Guramasynyň sekretariaty tarapyndan taýýarlanan halkara duşuşyk meýilnama laýyklykda ýokary derejede we guramaçylykly geçirildi. Duşuşygyň mejlisinde türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň degişli formatdaky ýaşlar syýasaty we sport ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etdiler. Çykyşlar duşuşyga gatnaşyjylaryň üns merkezinde bolup, uly gyzyklanma bilen diňlenildi we gyzgyn garşylandy. Geçirilen çäräniň netijesi boýunça, Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy ýurtlaryň ýaşlar syýasaty hem-de sport babatynda şular ýaly iri halkara çärelerini yzygiderli dowam etmek, şeýle hem Türki döwletleriniň ýaşlar hyzmatdaşlygyna uly goşant goşjak başga-da dürli çäreleri geçirmek barada karara gelindi. Nobatdaky 8-nji duşuşygy Gazagystan Respublikasynda geçirmek barada ylalaşyga gelindi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir