Şu gün Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Syýahatçylyk agentlikleriniň assosiasiýasynyň (JATA) prezidenti Kuniharu Ebina bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýahatçylyk ugry boýunça özara pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Ilçiniň bellemegine görä, ýurtda syýahatçylyk ulgamyny kämilleşdirmekde halkara tejribäniň we bu ugurda gazanylanlaryň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýahatçylyk boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýedir diýlip, habarda bellenilýär. Taraplar türkmen we ýapon syýahatçylyk kompaniýalarynyň arasynda alyş-çalyş okuw maksatnamalarynyň ähmiýetini bellediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir