şu gün Prezident Serd­ar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky­ Hökümet mejlisini geçirdi. Mejlisde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow, hasabatynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (СOP-28) gatnaşmaga taýýarlyk görmek, forumyň barşynda kabul edilmegi göz öňünde tutulýan resminamalar we onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi. Garaşylyşy ýaly, СOP-28 maslahatynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde esasy ädimleriň biri hökmünde Global Metan Borçnamasyna (GMP) goşulmak meselesine dünýäniň iri döwletleriniň ünsi çekiler. Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini açmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatynda Türkmenistan Global Metan Borçnamasy baradaky başlangyjy goldaýandygyny mälim etdi we Türkmenistan tarapyndan onuň jikme-jik öwrenilmegine gyzyklanma bildirildi. Şol günden başlap, degişli maksadalaýyk işler geçirilýär. Şeýle hem şu ýylyň 2-nji iýunynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ýokary derejeli pudagara topar döredildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň 2023-2024-nji ýyllar üçin Global Metan Borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça «Ýol kartasy» tassyklanyldy. Şeýle hem bu ulgamda ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) bilen bilelikde degişli işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda Global Metan Borçnamasyna (GMP) dünýäniň 150-ä golaý döwleti goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, COP-28 maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Global Metan Borçnamasyna goşulýandygyny yglan etmek teklip edildi. Bu meselä şu ýylyň 23-nji noýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisinde seredildi. Şeýle-de Global Metan Borçnamasynyň şertlerini milli derejede ýerine ýetirmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar we hyzmatdaş ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy dowam etmek teklip edilýär. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, COP-28 maslahatynda kabul ediljek resminamalar seljerildi. Şundan ugur alnyp, olaryň birnäçesine Türkmenistanyň goşulmagy teklip edilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň ugurdaş düzümleriniň wekilleriniň COP-28 maslahatynyň çäklerinde 3-nji we 10-njy dekabr aralygynda geçiriljek ýokary derejeli degişli çärelere gatnaşmagyna degişli teklip beýan edildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň 28-nji mejlisinde kabul ediljek resminamalaryň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutany gatnaşýan taraplar bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa degişli tabşyryklary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir