Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň şu ýylyň 29-njy noýabrynda geçiriljek 6-njy mejlisine taýýarlyk görülýär. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky­ Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar strategik häsiýete eýedir. Özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek, täze geljegi uly ugurlar boýunça türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, degişli ikitaraplaýyn Ylalaşygyň esasynda, agzalan komitet döredildi. Häzirki wagta çenli bu komitetiň bäş mejlisi geçirildi. Komitetiň düzüminde 6 sany kiçi komitet hereket edýär. Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisiniň gün tertibine nebitgaz ulgamy, ulag we logistika, oba hojalygy, himiýa we dokma senagaty, ylym we bilim, ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş ýaly ulgamlarda we beýleki ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri girizildi. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekmek göz öňünde tutulýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň köptaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy göz öňünde tutýandygyny nygtady. Döwlet Baştutany wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir