24-nji noýabrda Prezident Serd­ar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky­ mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow ýurduň elektroenergetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, energiýa serişdelerini rejeli ulanmaga, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurt bazarlaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, şeýle hem ýurduň dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli çäreleriň görülýändigi barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, elektrik energetikasy ulgamynda döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek we bu ugurda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň degişli Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu Kanun energiýany tygşytlamak we ýurduň energiýa kuwwatyndan netijeli peýdalanmak boýunça işi kadalaşdyrar. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Kanunyň taslamasynda öz beýanyny tapmalydygyny nygtady. Döwlet Baştutany bu babatda wise-premýer B.Annamämmedowa anyk tabşyryklary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir