Şu gün Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionaty açylýar. Bu iri sport baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti oňa gatnaşyjylara Gutlag ýollady. Onda, hususan-da, şeýle diýilýär: «Hormatly çempionata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi myhmansöýer türkmen topragynda Halkara kuraş assosiasiýasy bilen özara hyzmatdaşlykda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Dünýäniň sport taryhynda möhüm waka bolan bu çempionatyň halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, kuraş boýunça türgenleriň ussatlyklaryny, tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn. Biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Olimpiýa hereketini, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ilatymyzy fiziki işjeňlik bilen meşgullanmaga giňden çekmek, beden, ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmek, ussat türgenleri taýýarlamak arkaly ýurdumyzy sport döwletine öwürmek bilen bir hatarda, halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem uly üns berýäris. Ýakynda Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylmagy bolsa ýurdumyzyň sport diplomatiýasynyň nobatdaky üstünligidir.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir