Müsür suw ýetmezçiligi we ekin meýdanlarynyň azalmagy bilen baglylykda, topraksyz ýer işläp bejerişe geçýär diýip, «Habar 24» ýazýar. Ýerli ýaşaýjylaryň barha köpüsi miwe we gök-bakja önümlerini ýyladyşhanalarda, ýagny topraksyz, emeli şertlerde ösdürip ýetişdirýärler. Ýurduň oba hojalyk kärhanalary hojalygyň şu görnüşini işjeň öňe sürýärler. Hünärmenler emeli suwaryşyň suwuň tas 90 göterimini tygşytlamaga mümkinçilik berýändigini aýdýarlar. Müsür golaýda Efiopiýanyň gatla gurmagy bilen baglylykda, Nil derýasynyň suwunyň barha azalýandygy sebäpli her ýyl suw ýetmezçiligine uçraýar. Galyberse-de, howanyň üýtgemegi bilen, suw gorlary 2025-nji ýyla çenli has-da kemeler diýlip garaşylýar. Häzirki günde Müsürde ekin meýdanlary ýurduň 5 göteriminden hem az bölegini eýeleýär we şäherleşmegiň hasabyna azalýar. Ýurduň galan 95 göterim meýdanyny çöllükler eýeleýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir