«Röwşen» aýakgap öndüriji türkmen kärhanasy gyş kolleksiýalaryna arzanladyşlaryň başlanandygyny mälim etdi. 2023-nji ýylyň 12-nji dekabryna çenli dowam etjek aksiýanyň çäklerinde alyjylara 350 manatdan 375 manada çenli amatly bahalardan oňaýly deri aýakgaplar hödürlenýär. Aksiýa çäresine zenan, erkek hem-de çaga aýakgaplarynyň görnüşleri degişlidir. Assortimentde ädikler, botinkalar, köwüşler hem-de sport aýakgaplary hödürlenen. Aýakgaplar ýokary hili materialdan taýýarlanyp, berkligiň we oňaýlylygyň ähli talaplaryna kybap gelýär. «Biz köwüşlerimiziň hili we stili bilen göwnüňizden turjakdygyna ynanýarys» – diýip, «Röwşen» kärhanasynyň wekili belleýär. Arzanladyşlar brendiň Türkmenistandaky ähli dükanlarynda hereket edýär. Aşgabatdaky «Röwşen» dükanlary: • Bitarap Türkmenistan şaýoly, 91/1 jaýy («Gadamly» binasy). Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 21 63 06, (+993 64) 14 14 19. • «Bagtyýarlyk» SDAM, 1-nji gat, dükan №6. Telefon belgisi: (+993 65) 55 34 74; • Bamako köçesi, «Sumbar» bazary, «Datly Ses» söwda merkezi, 1-nji gat. Telefon belgisi: (+993 63) 65 16 85;

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir