Dünýäde iri buzdag (aýsberg) deňziň düýbünde 37 ýyllap gymyldaman durandan soňra, ilkinji gezek herekete geldi. A23a diýlip at berlen buzdag 1986-njy ýylda Antarktidanyň kenarýakasyndan bölünip aýryldy, Ueddell deňziniň düýbüne çöküp, buz gatlagynyň bir bölegine öwrüldi diýip, «MIR 24» ýazýar. Onuň tutýan meýdany 4 müň inedördül kilometre golaý bolup, Londonyň meýdanyndan iki esse uludyr. 2020-nji ýylda buzdag gymyldap başlady, 2022-nji ýylda okgunly herekete geçdi, soňky aýlarda şemalyňdyr akymyň täsiri bilen tizlik alyp ugrady. Ol häzir hemra aragatnaşygynyň maglumatlaryna görä, Antarktida ýarymadasynyň demirgazyk böleginde. Alymlar bu ýagdaýy buzdagyň göwrüminiň kiçelmegi bilen baglaýarlar. Olaryň pikiriçe, eger A23a Günorta Georgiýa ýetse, ol ýerde ýaşaýan millionlarça düwlenlere, pingwinlere we guşlara howp döredip biler. Emma buzdaglar ekoulgamlar üçin peýdalydyr, eremek bilen, olardaky mineral tozanlar ýaýraýar, bu bolsa antarktida iýmit zynjyrynyň özenini düzýän peýdaly maddalaryň çeşmesini emele getirýär diýip, «The Daily Mail» habar berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir