Emeli aňyň okgunly ösmegi adamzada üç günlük iş hepdesine geçmek üçin mümkinçilik berer diýip, «Microsoft» kompaniýasyny esaslandyryjy Bill Geýts «Spotify» internet meýdançasynyň «What Now?» gepleşigine beren interwýusynda aýtdy. Onuň sözlerine görä, adamlara indi köp zähmet çekmek gerek bolmaz, sebäbi käbir zatlary maşynlar öndürer. Bu barada «Business Insider» neşirine salgylanýan «News.ru» ýazýar. Alypbaryjy Trewor Noý milliarderden EA-nyň (emeli aň) iş orunlary üçin howpy barada soranda, ol maşynlaryň adamlaryň işini elinden alman, zähmeti ýeňilleşdirjekdigini we azaltjakdygyny aýtdy. Mysal üçin, robotlar iýmit we beýleki önümleri öndürip bilerler. «Eger ahyrky netijede hepdede üç gün işlenilýän jemgyýet kemala gelse, bu adaty ýagdaýdyr» diýip, işewür sözüniň ahyrynda nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir