Dünýä çempionatyny geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işlere Halkara kuraş assoasiasiýasynyň şu gün geçirilen kongresinde hem ýokary baha berildi. Bu assosiasiýa özüne Aziýadan 32, Afrikadan 22, Ýewropadan 33, Demirgazyk we Günorta Amerikadan 22, Okeaniýadan 9 – jemi 118 milli sport federasiýasyny birleşdirýär. Bu barada TDH habar berýär. IKA-nyň kongresinde bellenilişi ýaly, bäsleşigiň geçirilmegi üçin Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Kuraş federasiýasy hem-de Milli Olimpiýa komiteti tarapyndan jogapkärli we düýpli taýýarlyk işleri geçirilipdir. Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde türgenler, bu abraýly ýaryşyň geçirilmegine gatnaşýan adamlar, şeýle hem myhmanlardyr janköýerler üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň bäşisinden – Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden 310 meýletinçi taýýarlanyldy. Şeýle hem myhmanlar üçin giň gerimli medeni maksatnama taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde myhmanlar ýurdumyzyň dürli muzeýlerine, «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Seýit Jemaleddin metjidine, ýaryşlara tomaşa etmek üçin ýörite janköýer zolaklary döredilen «Berkarar» we «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezlerine baryp görerler. «Aşgabat» kinoteatrynda kino görkezişler guralyp, myhmanlaryň ýurdumyzyň Arkadag ilkinji «akylly» şäheriniň gözellikleri bilen ýakyndan tanyşmaklary üçin gezelençler guralar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir