Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahaty geçirilip, onda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurduň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe möhüm kadalaşdyryjy hukuk namalaryna garaldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, maslahatyň barşynda deputatlar «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasynyň kabul edilmegini biragyzdan goldadylar. Şeýle hem «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň Karary biragyzdan kabul edildi. Soňra bolsa deputatlar «Bunker ýangyjyndan hapalanmakdan zeper ýetmeginiň raýat jogapkärçiligi hakynda halkara Konwensiýasyna goşulmak hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir