Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, Kanun metbugatda dolulygyna çap edilýär. Ozal biz Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahatynyň geçirilip, onuň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurduň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe möhüm kadalaşdyryjy hukuk namalaryna garalandygyny hem-de deputatlaryň garamagyna hödürlenen täze kanunçylyk namalarynyň taslamalarynyň biragyzdan makullanylyp kabul edilendigini habar beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir