«Honda» Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hereketlendirijini ulanyp bolmajak derejä getirip biljek önümçilik näsazlygy sebäpli awtoulaglarynyň bäş görnüşini yzyna çagyrar. Töwekgelçilik astyna düşen ulaglar «Pilot» krossowerleri, «Ridgeline» pikaplary we «Odissey» miniwenleridir. Mundan başga-da, ýapon kompaniýasyna degişli bolan «Acura» kysymynyň iki modelinde – «TLX» we «MDX» ulaglarynda kemçilikli V6 hereketlendirijileri oturdyldy. Iri yzyna çagyryş çäresiniň esasy sebäbi tirsekli walda (kolençatyň wal) önümçilik näsazlygynyň ýüze çykmagydyr. Ol birleşdiriji çybygyň wagtyndan öň könelmegine we ahyrynda döwülmegine sebäp bolup biler. Bu hadysa ýüze çykýança näsaz moordan şübheli sesler gelip biler we hereketlendirijiniň näsazlyk duýduryşy ýanyp biler. Näsazlygy aradan aýyrmak üçin «Honda-nyň» dilerleri her awtoulagda hereketlendirijini bölekleýin söküp-düzmäge mejbur bolarlar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir