Täze Tesla Model 3 Long Range-iň batareýasynyň zarýad beriş tizligi hakyky dünýä synaglary esasynda kesgitlenende Edmunds tarapyndan düzülen sanawda bary-ýogy 10-njy orny eýeledi. Orunlaryň altysy Hyundai-Kia bileleşiginiň elektrikli awtoulaglaryna, galanlary nemes premium brendleriniň awtoulaglaryna berildi. Şol bir wagtyň özünde, synagyň lideriniň öndürijiligi autsaýder-modelden takmynan bäş esse gowy. Reýtingi düzmegiň esasy görkezijisi, tiz stansiýadan bir sagat zarýad alandan soň, elektrikli awtoulagyň näçe aralygy geçip biljekdigini hasaplamakdy. Bu häsiýetnama boýunça öňdebaryjy Limited toplumynda bir hereketlendirjili Ioniq 6 boldy, nazaryýetde zarýad bermegiň bir sagadynda ol 868 mil (1397 km) energiýa alyp biler. Ikinji ýeri 1 238 kilometre çenli netije bilen bir hereketlendirijili Kia EV6, üçünji orny 1230 kilometr aralyga ýetjek zarýad bilen iki hereketlendirijili Ioniq 6 eýeledi. Tesla Model 3-iň görkezijisi 916 kilometre barabardyr. Şeýle hem ilkinji onluga GT Line toplumynda Porsche Taycan 4S, Kia EV6, goşa hereketlendirijili Ioniq 5, Mercedes-Benz EQS 450, Genesis GV80 Electrified we Porsche Taycan GTS girdi. Synaga jemi 43 sany dürli görnüşli elektrikli awtoulag gatnaşdy. Iň soňky ýer bary-ýogy 277 kilometr bilen Chevrolet Bolt -a berildi. Şonuň ýaly-da, gözlegçiler 100 mil (160 km) geçmek üçin energiýa ätiýaçlygyny doldurmaga näçe wagt gerek boljakdygyny anykladylar. Bu ýagdaýda ilkinji üçlüge diňe koreý elektrik ulaglary - iki modifikasiýada Ioniq 6 we 6 minut 54 sekuntdan 7 minut 51 sekunta çenli wagt görkezen Kia EV6 girdi. Chevrolet Bolt autsaýderine munuň üçin 34 minut 49 sekunt gerek boldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir