Mail Online habarlar gullugynyň habar bermegine görä, argentinaly hüjümçi Leonel Messiniň 2022-nji ýylda Katarda geçen dünýä çempionatynda geýen futbolkalary Nýu-Ýorkdaky Sotheby's-a auksionyna çykarylar. Çeşmäniň habaryna görä, ondan geljek serişdäniň bir bölegi haýyr-sahawata gönükdiriler. Toplumda Messiniň jemi alty köýnekçesi bolar: finalyň birinji ýarymyndan Fransiýa bilen, 1/2 final Horwatiýa bilen, 1/4 final Niderlandlar bilen, 1/8 final Awstraliýa bilen we toparlaýyn tapgyryň üç oýnundan ikisi. Futbolkalaryň bahasynyň pesinden 10 million dollar, finalda geýen futbolkasynyň bolsa 8 million ýewro boljakdygy çak edilýär. Şeýlelikde, Messiniň futbolkalary ýadygärlik sport esbaplarynyň iň ýokary satuw bahasy boýunça rekord goýup biler. Şu wagta çenli iň gymmat satuw Maýkl Jordanyň “Çikago Bullz” maýkasy 8,1 million funt sterlinge satyldy. Argentinanyň milli ýygyndysy 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynda finalda Fransiýanyň ýygyndy toparyny ýeňip 3: 3 (4: 2), ýeňiji boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir