Kristofer Nolanyň “Oppengeýmer” filmi sanly görnüşde çykdy. Indi film dürli daşary ýurt serwislerinde görmek üçin onlaýn görnüşde elýeterlidir diýip, championat.com habar berýär. “Oppengeýmer” filmi Ikinji jahan urşy döwründe ýadro ýaragynyň döredilmeginiň başynda duran amerikaly fizik Robert Oppengeýmer barada gürrüň berýär. Filmde alymyň şahsy durmuş pursatlaryna, şeýle-de onuň dürli ylmy taslamalaryň üstündäki işlerine-de deglip geçilýär. Lentada baş keşbi Kilian Mýorfi ýerine ýetirdi. Onuň bilen birlikde filme Emili Blant, Mett Deýmon, Florens Pýu, ýaş Robert Dauni, Rami Malek we beýlekiler gatnaşdy. “Oppengeýmer” tutuş dünýäde tas 1 mlrd dollar ýygnady, ýöne her niçigem bolsa bu görkezijä sähel ýetip bilmedi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir