Prodýuser Irwin Uinkler “Deadline” neşiri bilen söhbetdeşlikde ýakyn wagtda “Krid 4-üň” önümçiligine başlamagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Muny film.ru ýetirýär. “Biziň, hakykatdanam, gowy wakamyz we sýužetimiz bar. Biz iş taşlaýyşlar sebäpli birneme gijikdik, ýöne çen bilen bir ýyldan deslapky önümçilige girişeris” – diýip, Uinkler belledi. Onuň aýtmagyna görä, režissýorlyk işine we baş keşbe Maýkl B.Jordan gaýdyp geler. “Krid” baş keşbi Silwestr Stalloneniň ýerine ýetirmegindäki “Rokki” filminiň spin-offudyr. Franşizanyň sýužeti Rokkiniň şägirdi bolan ýaş boksçy Adonis Krid barada gürrüň berýär. Onuň birinji bölümi 2015-nji ýylda ekrana çykdy, dowamlary 2018-nji we 2023-nji ýyllarda çykaryldy. “Kridiň” üç bölümi dünýä prokatynda jemi 661 mln dollar gazandy. Filmde Stallone, Tesa Tompson we Jonatan Meýjers hem surata düşdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir