NordPass kompaniýasy 2023-nji ýylda iň köp ulanylan parollaryň sanawyny hödürledi. Birinji orny 123456 paroly eýeledi, 2023-nji ýylda parol menejeriniň ulanyjylary bu parol bilen öz akkauntlaryny 4 mln 524 müň gezek goradylar. Kompaniýa bu parolyň döwmek üçin bir sekuntdan köp wagty talap etmeýändigini belleýär diýip, habr.com habar berýär. Ilkinji bäşlige giren beýleki parollar, ýagny admin sözi (ulanylyş ýygylygy 4 mln 8 müň gezek), 12345678 (1,3 mln gezek), 123456789 (1,2 mln gezek) we 1234 (969 müň gezek) hem döwmek üçin şolar ýaly kynçylygy döredýär. Köp duş gelýän parollaryň arasynda user, UNKNOWN, password, Password sözleri, admin123 ýaly söz bilen sanyň utgaşmasy, şeýle-de 111111, 000000 ýaly san utgaşmalary hem bar. UNKNOWN sözi beýlekilere garanda birneme “çylşyrymly” parol boldy: ony döwmek üçin 17 minut gerek. NordPass kompaniýasynyň hünärmenleri ulanyjylara käbir maslahatlary berýärler. Ilki bilen, parol azyndan 20 belgiden ybarat bolmaly we baş hem setir harplary, sanlary we ýörite nyşanlary öz içine almaly. Kompaniýa doglan günleri, atlar ýa-da umumy sözler ýaly bilmesi aňsat maglumatlary ulanmakdan gaça durmagy we şol bir paroly birnäçe serwis üçin ulanmazlygy maslahat berýär. Ulanyjylar wagtyň geçmegi bilen parolyň işleýşini barlap, gowşaklary, köneleri ýa-da gaýtalanýanlary anyklap, üýtgedip, kamilleşdirip we çylşyrymlaşdyryp durmaly. Hasabat maglumatlaryny döretmek we saklamak üçin parol menejerinden peýdalanmak maslahat berilýär.