Birleşen Arap Emirliklerinde dünýäde iň uly Gün elektrik stansiýasy Al-Dafra işe girizildi. Desganyň açylyşy 30-njy noýabrdan 12-nji dekabr aralygynda BAE-de geçiriljek Howanyň üýtgemegi boýunça konferensiýanyň (COP28) öňüsyrasynda boldy diýip, habr.com habar berýär. 2 GWt kuwwatly elektrik stansiýasy Abu-Dabiden 35 km uzaklykda ýerleşýär. Al-Dafra tas 4 mln sany ikitaraplaýyn Gün panelleri bilen enjamlaşdyryldy. Desga 200 müňe golaý öý hojalygyny elektrik energiýasy bilen üpjün eder we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 2,4 mln tonnadan gowrak azaldar. Stansiýanyň gurluşygynyň iň ýokary derejesinde 4,5 müň töweregi iş ornuny döretmek mümkin boldy. Desganyň gurluşygy wagtynda işçiler günde 10 MWt kuwwatly Gün panellerini gurnadylar. Al-Dafranyň taslamasy Abu Dhabi Future Energy Company (Masdar), Abu-Dabiniň Milli energetika kompaniýasy (TAQA), EDF Renewables fransuz energetika kompaniýasy we Hytaýyň Gün energetikasy pudagynda işläp düzüjisi JinkoPower tarapyndan işlenip taýýarlandy. Elektrik stansiýasy tora birikdirilenden soň, BAE-de Gün elektrik energiýasyny öndürmegiň kuwwaty 3,2 GWt çenli ýokarlandy. 2050-nji ýyla çenli ýurt 44% “ýaşyl” energiýa, 38% gaz, 12% “arassa kömür”, 6% ýadro energiýasy bilen üpjün ediljek energetika balansyny gazanmagy meýilleşdirýär. BAE-niň ýolbaşçylygy ýüzýyllygyň ortalaryna çenli ýurduň uglerod taýdan bitarap boljakdygyna ynandyrýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir