Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Dünýä çempionaty — 2026-nyň saýlama tapgyrynda ilkinji utugyny gazandy. Mergen Orazowyň şägirtleri 21-nji noýabrda Gonkongyň ýygyndysy bilen myhmançylykda 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berdi. Duşuşykda ilkinji bolup hasaby açan türkmen ýygyndysy boldy. Eýýäm 4-nji minutda Gonkongyň çempionatynyň geçen möwsümdäki iň netijeli futbolçysy Ruslan Mingazow gonkonglylary gynandyrdy. Şondan 8 minut soňra Wai Wong ýer eýeleriniň haýryna hasaby deňlemegi başardy. Türkmen ýygyndysy 35-nji minutda ýene-de Ruslan Mingazowyň geçiren goly bilen ikinji gezek öňe saýlandy. Ýöne bu üstünligi diňe 65-nji minuda çenli goramak başartdy. Şol minutda Ewerton Kamargo hasaby deňledi. Şondan soň geçirilen ikitaraplaýyn hüjümleriň hiç biri hem netije bermedi. Şeýlelikde, türkmen ýygyndysy toparçadaky ilkinji utugyny gazandy. Milli ýygyndymyz Dünýä çempionaty ― 2026-nyň saýlama tapgyryndaky indiki iki duşuşygyny mart aýynda Eýranyň ýygyndysy bilen geçirer. Bu toparçanyň ugurdaş duşuşygynda Özbegistanyň hem-de Eýranyň milli ýygyndylary 2:2 hasabynda deňme-deň oýnadylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir