Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky statistika gullugynyň habar bermegine görä, 2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 939,1 million dollar bolup, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 1,8% artdy. Türkmenistan Özbegistandan 143,7 million dollarlyk harydy import etdi. Öz gezeginde, Türkmenistan goňşy ýurda 795,5 million dollarlyk önümi eksport etdi. Türkmenistan ýylyň başyndan bäri Özbegistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda altynjy orny eýeledi. Sanawda birinji bäşlikde Hytaý, Russiýa, Gazagystan, Türkiýe we Günorta Koreýa durýar. Soňky ýyllarda Özbegistan Türkmenistandan energiýa çeşmelerini göni satyn almaga başlady. Geçen ýyl goňşy ýurtlaryň arasyndaky özara söwda 926,3 million dollarlyk boldy, bu bolsa 2017-nji ýyldakydan bäş esse ýokarydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir