Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň çäginde Aşgabatda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Germaniýadan gelen pianinoçylar – Marsel Dornanyň we Ştefan Weýiň konserti geçirildi. Konserti GFR-iň Türkmenistandaky Ilçihanasy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we teatryň administrasiýasy gurady. Marsel we Ştefan 27 ýyl bäri bilelikde çykyş edip gelýärler. Olaryň sözlerine görä, olar 100 ýurtda şonuň bilen birlikde Täjigistanda we Gazagystanda jemi 1000 konsert berdiler. Iki sany şadyýan sazanda: «Roýaly çalmak asla kyn däl» diýýär. Sahnada pianinoçylaryň ýüzi we elleri görkezilen ekran bar. Marsel we Ştefan çykyşlarynda meşhur aýdym-saz eserlerini düşündirmeklige çalyşýarlar. Olar meşhur «Happy birthday to you» hitini Ştrausyň «Walsy», Rossininiň «Sewilýa dellekçisi» ýa-da Wiwaldiniň «Ýylyň pasyllary» eserleri bilen birleşdirýärler. Olaryň aýdym-sazdaky bu usullary diňleýjilerde oňyn seslenme döredýär diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär. Konsertiň ahyrynda pianinoçylar Rimskiý-Korsakowyň iň çalt eseri bolan «Arynyň uçuşy» atly eserini ýerine ýetirdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir