21-nji noýabrda Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Ş.Meredow Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň arasynda emele gelen oňyn we birek-birege ynanyşmak dialogyň netijesinde döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny nygtadylar. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer häsiýetli ugurlar boýunça özara pikir alyşyldy. Türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmekde parlamentara hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigi bellendi. Aýratyn üns medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine berildi. Şu nukdaýnazardan, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek boýunça ylalaşyk gazanyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir