Mälim bolşy ýaly, Samsung flagman Galaxy S24 smartfonlaryny çykarmaga taýynlanýar. Bu tapgyr üç modeli öz içine alar: Samsung Galaxy S24, Galaxy S24+ we Galaxy S24 Ultra. Ýakynda Günorta Koreýanyň The Elec neşiri enjamlaryň goýberiljek senesi barada jikme-jiklikleri aýtdy. Şol maglumatlara görä, Samsung Galaxy S24 seriýasy 2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda resmi taýdan yglan ediler. Deslapky sargytlary kabul etmeklik bildirişiň yzýany derrew başlar we sargytlaryny hasaba aldyran ulanyjylar 26-njy ýanwardan 30-njy ýanwara çenli aralykda smartfonlary alyp bilerler. Satuwlar 2024-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda bütin dünýäde açylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir