Counterpoint gözleg kompaniýasynyň habaryna görä, üçünji çärýekde Ýewropada smartfon satuwy 11% pese gaçdy. Samsung 32% paý bilen Ýewropa bazarynda öňdebaryjy bolup galýar. Samsung-yň 2011-nji ýyldan bäri bu döwür üçin iň pes satuw derejesini hasaba alandygy, kompaniýanyň satuwynyň 15 göterim peselendigi bellendi. Apple Ýewropa bazarynda ikinji orny eýeleýär, ol umumy söwdanyň 24 göterimini tutýar; Apple-iň satuwy 3 göterim azaldy. Xiaomi 22 göterim paý bilen üçünji ýeri eýeleýär. Ilkinji bäşlikdäki kompaniýalaryň galanlary ep-esli gowşak netijelere eýe; mysal üçin dördünji orunda barýan Realme 4% paý aldy, onuň yzyndaky Honor kompaniýasy bolsa 3% paý aldy. Umuman alanyňda, geçen çärýekde Ýewropanyň bazarynda smartfon söwdasy 2011-nji ýyldan bäri iň pes derejede boldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir