Toyota Ýewropada has kuwwatly we tehnologiki taýdan ösen şäher krossoweri bolan täzelenen Yaris Cross-y hödürledi. Bu awtoulag 1,5 litrlik benzin hereketlendirijisini, MG1 elektrik hereketlendirijisini we täze geçiriji gutyny birleşdirýän täze gibrid güýç gurluşy bilen enjamlaşdyryldy. Bu gurluşyň kuwwaty 116 at güýjünden 132 at güýjüne çenli artdyryldy. Krossower sagatda 100 km çenli tizligini 10,7 sekuntda artdyrýar, sagatda 80-den 120 km çenli badyny artdyrma bolsa 8,9 sekunt wagt alýar. Hybrid 130 ulgamy Premiere Edition we GR Sport ýaly uly wersiýalarda elýeterli bolar. Mundan başga-da, kuwwaty 116 at güýjüne barabar bolan gibrid gurluş hödürlener. Yaris Cross-yň salony sürüji tarapyndan sazlanylýan sanly enjam paneline we döwrebap multimediýa ulgamyna eýe boldy. Enjam paneliniň displeýiniň ölçegi 7 – 12,3 dýuým aralygynda üýtgeýär, multimediýa ulgamynyň ekrany bolsa 9 ýa-da 10,5 dýuým bolup biler. Şeýle-de, awtomobil ses kömekçisi bolan kämilleşdirilen ses tanaýyş ulgamy bilen üpjün edildi. Toyota Yaris Cross täze kamera we radar ulgamlary, adaptiw kruiz dolandyryş we yzky oturgyçdaky ýolagçylar barada ýatladyş funksiýalary bilen iň ygtybarly ykjam awtomobilleriň biri bolmagy wada berýär. Ol 18 dýuým diskler we oturgyçlaryň täzelenen mata daşlygy bilen täze Urban Khaki reňkde-de hödürlenýär. Baha we komplektasiýalar soňrak mälim ediler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir